Magtymguly Pyragynyň gubury آرامگاه مختومقلی فراغی | |
---|---|
Ýerleşýän ýeri | Aktokaý, Marawadepe etraby |
Heýkeltaraş | Annamämmet Niýazy |
Tamamlanan senesi | 1999 |
Bagyşlanan şahsyýet | Magtymguly |
Magtymguly Pyragynyň gubury Kümmet Gowuzly Türkmen arhitekt Annamämmet Niýazy tarapyndan Eýranyň Türkmensähra sebitiniň Marawadepe etrabyna tabin Aktokaý obasynda 10 gektarlyk ýerde guralan ýädigärlik.
Bu ýädigärlikde Magtymguly Pyragy we kakasy Döwletmämmet Azady ýatandyr.
Ännemamet Niýazy bu ýädigärlikde Türkmen düzünde çıkyan Läle güllerinden we Türkmen çadyryndan ylham alandygyny nygtaýar.
Bu ýädigärlik 10.04.1999-nji ýylda Saparmyrat Türkmenbaşynyn da gatnaşmagy bilen açyldy.
Magtymguly Pyragy we kakasy Döwletmämmet Azadynyň ýädigärligi Eýranyň milli mýrasy sanawyna giren eserlerden biridir.
Eýran tarapynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň jaýlanan ýeriniň çäginde muzeýden, mejtjitden, myhmanhanadan, mejlis geçirilýän jaýdan we beýleki desgalardan ybarat bolan binalaryň toplumynyň gurluşygy dowam edýär.