eToro - bu sosial söwda we dellalçylyk hyzmatlaryna ýöriteleşen dellalçylyk kompaniýasydyr. Kompaniýa köp sanly bazarlarda, şol sanda özüniň platformasynyň we mobil priloženiýesiniň üsti bilen walýuta, gazna indeksleri, paýnamalar, kriptowalyutalar (kriptografik walýuta) bilen söwda etmegi hödürleýär. Kompaniýanyň Ysraýylda, Beýik Britaniýada, Kiprde, ABŞ-da we Awstraliýada ofisleri bar. eToro doganlar Ýoni Assia we Ronen Assia tarapyndan Dewid Ring bilen bilelikde, 2007-nji ýylda Tel-Awiwde RetailFX ady bilen esaslandyryldy. 2020-nji ýylda kompaniýanyň bahasy 2,5 mlrd ABŞ dollaryna barabar boldy. Şol ýylda söwda platformasynda 13 million sany hasaba alnan akkaunt bardy.
eToro gymmatbaha metallara, çig mal harytlaryna we energiýa göterijilerine, şol sanda WTI, Brent markaly çig nebite we tebigy gaza CFD şertnamalaryny hödürleýär. eToronyň gurşap alýan gazna indekslerindäki CFD şertnamalary özüne S&P 500, NSDQ 100, Awstraliýa S&P 200 gaznalaryny birikdirýär. eToro Bitkoýn ýaly kriptowalýutalary 2013-nji ýyldan, beýlekileri, şol sanda Ethereum we Ripple kriptowalýutalaryny 2017-nji ýyldan başlap hödürläp başlady. eToronyň alyp barýan işi ÝB-de CySEC, Beýik Britaniýada FCA, ABŞ-da FinCEN we Awstraliýada ASIC edaralary tarapyndan düzgünleşdirilýär.
Bu şirket makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu kompýuter makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |