Google Chrome

Windows Phone we Windows 10 Mobile 10 Tizen

®®

ܛܛܓܣܓܬ iPhone Japan tvOS

Google Chrome-uň logosy (Sentýabr 2014ý.).

Google Chrome, Google tarapyndan ösdürilýän mugt web brazueridir. 2008-nji ýylyň sentýabr aýynda Microsoft Windows wersiýasy neşir edildi; has soňra Linux, macOS, iOS we Android wersiýalary hem neşir edilýär.

Google, Chrome-uň çeşme kodlarynyň uly bölegini Chromium atly açyk çeşme proýektinde paýlaşýar. Dahylly Adobe Flash Player ýaly käbir goşantlaryň çeşme kodlary paýlaşylmaýar. Chrome'uň 27-nji wersiýasyna çenli WebKit layout motory ulanylýardy, emma 28-nji wersiýasyndan bäri iOS-dan galan bütin platformalarda WebKit motorynyň atanak özleşdirilen görnüşi bolan Blink motory ulanylmaga başlanýar.

StatCounter statiskalaryna görä 2017-nji ýylyň ikinji çärýeginde Google Chrome-uň iş stol brazueri bazaryndaky paýynyň 63%-digi kesgitlenilýär. Şol çaklamalara görä, bütin platformalaryň jemindäki bazar paýy 54%, akylly telefonlardaky bazar paýy hem 54%-dir.

Google Chrome-uň bu üstünlügi sebäpli Google, "Chrome" markasyny Chromecast, Chromebook, Chromebit, Chromebox we Chromebase ýaly üýtgeşik önümlerde hem ulanýar.

Taryhy

Google-yň CEO-sy Eric Schmidt Google Chrome-uň çykyşyndan 6 ýyl öň azat brauzer döretmek pikirine garşy gelýärdi. Google-yň kiçi şereketdigini göz öňünde tutýar we bu pikiriň şereketiň ygtyýarlygyny zaýalamagyny islänokdy. Emma şereketi esaslandyran Sergey Brin we Larry Page bir-iki Mozilla Firefox wezipeli ösdüriji programmistleri işe alyp beta wersiýasynyň döremegini başarýarlar.

Duýduryşlar

Hakyky duýdurylan taryhy 2008-nji ýylyň 3-nji sentýabry bolan bu täze brauzeriň aýratynlyklaryny we sebäbini beýan edýän, Scott McCloud tarapyndan döredilen karikatura žurnalistlere we bloglara iberilýär. Ýewropa üçin taýýarlanan kopiýalar Philipp Lenssen-iň Google Blogoscoped-inde ýerleşýär. 38 sahypalyk karikatura 2008-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan bäri onuň sahypalarynda ýerleşýär. Google Chrome-uň çykyşynyň yzýanyndan Google, Google Books ady bilen karikaturalary öz saýdynda neşir etmäge başlady. Resmi blogunda ir duýduryş beýany bilen bular barada hem agzap geçdi.

Beta wersiýasy

Microsoft Windows üçin Beta wersiýasy 2008-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda, 43 sany dilde ulanyşa açylýar. Google, beýleki operasion sistemalar üçin hem programmanyň gysga wagtda tamamlanjagyny beýan edýär.

3-nji sentýabrda, Slashdot habarlarynda; beta wersiýasynyň hyzmat şertleri tekstinde ýer alýan passaža uly üns berildi. Muňa görä hyzmat şertleri kabul edilende, Google-yň bütin mazmunlary Chrome arkaly alyp biljegi barada lisenziýa kabul edilýärdi. Agzalýan tekst umumy Google hyzmat şertlerinden alnypdy. The Register teksti "Şahsy hukuklaryňyz köýer." diýip beýan etdi. Şol gün, Google ulanylan tekstiň beýleki Google önümlerinden alnandygyny bildirip çekişmelere jogap berdi we agzalýan passažy hyzmat şertlerinden aýyrdy. Google aýratyn hem bu üýtgeşikligiň Google Chrome-y has öň ulanyp başlanlara hem degişlidigini beýan etdi.

Google Chrome-uň ilkinji wersiýasy Acid1 we Acid2 barlaglaryndan geçýär, emma Acid3 barlagy ýerine ýetirilmeýär; Onuň alan baly 78/100 bolup, Internet Explorer 7 we Firefox 3-den has ýokary bolýar. Hem-de Acid3 barlagyny birnäçe gezek gaýtalananda 76-79/100 arasynda üýtgeşik netijeler beren ilkinji brazuerdir.

Google Chrome Android

Dizaýn

Gorag

Ulanyjy interfeýsi

Gysga wagtda aydylar

Derejelendirme

Gizlinlik

Gorag açyklary

Salgylanmalar

  1. Pichai, Sundar (1-nji Sentýabr 2008ý.). "A fresh take on the browser". Google Blog. 2015-nji ýylyň 11-nji dekabrynda bu çeşmeden arhiwlendi. Elýeterlik senesi: 1-nji Sentýabr 2008ý..
  2. "Google Chrome update: First screenshot, and live-blog alert" Archived 2008-09-03 at the Wayback Machine. CNet. 1-nji Sentýabr 2008ý.. Elýeterlik senesi: 1-nji Sentýabr 2008ý..
  3. Associated Press (2-nji Sentýabr). "Google launches Chrome web browser". 2010-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda bu çeşmeden arhiwlendi. Elýeterlik senesi: 2-nji Sentýabr 2008ý..
  4. Google Chrome bilen Chromium-yň arasyndaky tapawutlar
  5. Google unveils Chrome source code and Linux port
  6. "dev.chromium.org". Archived from the original on 2008-09-13. Retrieved 2019-11-15. 
  7. Scott McCloud (1-nji Sentýabr 2008ý.). "Surprise!". Google Blogoscoped. 2015-nji ýylyň 6-njy noýabrynda bu çeşmeden arhiwlendi. Elýeterlik senesi: 1-nji Sentýabr 2008ý..
  8. Philipp Lenssen (1-nji Sentýabr 2008ý.). "Google Chrome, Google's Browser Project". 2015-nji ýylyň 24-nji iýunynda bu çeşmeden arhiwlendi. Elýeterlik senesi: 1-nji Sentýabr 2008ý..
  9. Philipp Lenssen (1-nji Sentýabr 2008ý.). "Google on Google Chrome - comic book". Google Blogoscoped. 2015-nji ýylyň 18-nji iýunynda bu çeşmeden arhiwlendi. Elýeterlik senesi: 1-nji Sentýabr 2008ý..
  10. "Google Chrome". Google Books. 1-nji Sentýabr 2008ý.. 2015-nji ýylyň 17-nji noýabrynda bu çeşmeden arhiwlendi. Elýeterlik senesi: 2-nji Sentýabr 2008ý..
  11. Scott McCloud and Google Chrome team (1-nji Sentýabr 2008ý.). "Google Chrome By the Google Chrome team, comics adaptation by Scott McCloud". Google Books. 2015-nji ýylyň 26-njy noýabrynda bu çeşmeden arhiwlendi. Elýeterlik senesi: 1-nji Sentýabr 2008ý..
  12. Slashdot (3-nji Sentýabr 2008ý.). Reading Google Chrome's Fine Print. Elýeterlik senesi: 3-nji Sentýabr 2008ý..
  13. tapthehive.com (3-nji Sentýabr 2008ý.). Google's EULA Sucks Archived 2008-09-04 at the Wayback Machine. Elýeterlik senesi: 3-nji Sentýabr 2008ý..
  14. Google Terms of Service
  15. Burned by Chrome
  16. "Google Chrome Terms of Service (English)". 2012-nji ýylyň 22-nji maýynda bu çeşmeden arhiwlendi. Elýeterlik senesi: 4-nji Sentýabr 2008ý..
  17. PC World (3-nji Sentýabr 2008ý.). Google Amends Chrome License Agreement After Objections Archived 2013-11-02 at the Wayback Machine. Elýeterlik senesi: 3-nji Sentýabr 2008ý..
  18. Hoffman, Harrison (2-nji Sentýabr 2008ý.). "Chrome tops IE, Firefox in Acid3 test". CNET News. 2012-nji ýýylyň 15-nji dekabrynda bu çeşmeden arhiwlendi. Elýeterlik senesi: 3-nji Sentýabr 2008ý..

Daşary çykgytlar

name of the bot
{{{bot}}}
Programming language
]
name of operator
]
activities
{{{activities}}}
contact page
{{{contact}}}
Emergency bot shutoff button
Administrators:
Use the button if the bot is not working properly.

Şablon:Google Inc.