NASDAQ gazna biržasy ýa-da ýöne NASDAQ bu Amerikanyň gazna biržasydyr. Onuň ady "National Association of Securities and Dealers Automated Quotations" gysgaltmasydyr. Amerikanyň iň uly elektron biržasy bolup durýar. NASDAQ-da 3700 golaý kompaniýa hasaba alnan, bu bolsa onuň iň uly birža bolmagynyň esasy sebäbi.
NASDAQ-da diňe ýokary tehnologiki kompaniýalaryň paýnamalarynyň söwdasynyň edilmegi bilen çäklenilmeýär, bu sebäpli, her biri ykdysadyýetiň degişli pudagyndaky ýagdaýlary görkezýän indeksler ulgamy döredildi. Häzir bolsa şeýle indeksleriň on üçüsi bar. Olaryň esasynda NASDAQ elektron ulgamynda söwda edilýän gymmat bahaly kagyzlar ýer alýar.
Nasdaq Composite indeksi NASDAQ biržasynda ýer alan ähli kompaniýalaryň (jemi 5000-den gowrak) paýnamalaryny öz içine alýar. Bazar bahasy şeýle hasaplanylýar: kompaniýanyň paýnamalarynyň umumy sany bir paýnamanyň häzirki bazar bahasyna köpeldilýär.
Nasdaq-100-e paýnamalary NASDAQ biržasynda söwda edilýän, maýalaşdyrmak boýunça iň uly 100 kompaniýany girýär. Indekse maliýe pudagyndaky kompaniýalar girmeýär. 2021-nji ýylyň ýagdaýy boýunça, Nasdaq-100-iň 57% tehnologiki kompaniýalardan ybarat. Nasdaq biržasynda QQQ belligindäki gazna ýokary takyklyk bilen Nasdaq-100 dinamikasyny gaýtalaýar.