Ruslar (rus.русские, russkiýe) — gündogar ýewropada ýaşaýan gündogar slawýan etnik toparyna degişli bir milletdir. Ruslaryň aglaba bölegi şu wagtky Russiýa Federasiýasynyň çäginde ýaşaýar. Beýleki uly bir bölegi bolsa öňki söwet döwletleriniň çäklerinde ýaşaýarlar. Ýene-de beýleki bir uly topary bolsa Birleşen ştatlarda, Germaniýa, Kanada we Ysraýyl döwletlerinde ýaşaýarlar. Ruslar ýewropada ilat sany boýunça iň köp adamly milletdir.
2010-njy ýylyň hasabyna göra dünýäde 129 million ruslar ýaşaýar. Olaryň 86% Russiýada , 11.5% GDA döwletlerinde we Baltika döwletlerinde , 2.5% bolsa dünýäniň beýleki ýurtlarynda ýaşaýarlar.
Diaspora(bölünişik)
Rus halkynyň käbir bölegi Rus imperiýasy we Sowet Saýuzy wagtlarynda oturumly ýerlerinden göçmeli edilýärler.
1917-nji ýylda oktýabr rewolýusiýasy we halk gozgolaňlaryndan soňra köp ruslar Bolşewik režimi astynda öz ýerlerinden göçmeli edilýärler. Millionlap adamlar bosgun ýagdaýyna düşýärler. Köp ak emigrantlarAklaryň hereketine gatnaşany üçin gaçyp gidýärler we beýleki käbir ruslar täze režime görä öňki söwet döwletlerine göçmeli edilýärler.
Russiýadan daşarda ýaşaýan ruslaryň aglaba bölegi öňki sowet döwletlerinde(Ukraina (8 million), Gazagystan (3.8 million), belarusiýa (785,000), Latwiýa (520,000) Özbegistan (650,000) we Gyrgyzystan (419,000)) ýaşaýarlar.
Uralda ýaşaýan Rus Kaganowlaryň maşgalasyndaky 3 agzanyň suratlary, 1910. Surata düşüren Sergeý Prokudin-Gorsky
Salgylanmalar
↑130 - 150 million diýip çaklanylaýar. 111 million i Russiýada (2010 ilat sanawy), 16 million öňki söwet döwletlerinde (8 M Ukrainada, 4.5 M Gazagystanda, 1 M Belarusiýada, 0.6 M Latwiýada, 0.6 M Özbegistanda, 0.6 M Gyrgyzystanda. 10 million golaý ruslar dünýäniň beýleki böleklerinde (Amerika we demirgazyk ýewropa agyrlykly).